Falahatpişeh:Amerika we Sionist režimi sebiti durnuksyz etmegiň yzyndadyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4482-falahatpişeh_amerika_we_sionist_režimi_sebiti_durnuksyz_etmegiň_yzyndadyrlar
Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat boýunça komissiýasynyň başlygy Eýranyň özüniň ýerli ylmy we ekspertleri bilen ýadro energiýadan bähbitlenip bilmegi we goranyş kuwwatlylygyny pugtalandyryp başarmagy sebitde Amerika we Sionist režimine uly çalyşa dönendir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 06, 2019 18:44 Asia/Ashgabat
  • Falahatpişeh:Amerika we Sionist režimi sebiti durnuksyz etmegiň yzyndadyrlar

Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat boýunça komissiýasynyň başlygy Eýranyň özüniň ýerli ylmy we ekspertleri bilen ýadro energiýadan bähbitlenip bilmegi we goranyş kuwwatlylygyny pugtalandyryp başarmagy sebitde Amerika we Sionist režimine uly çalyşa dönendir diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatullah Falahatpişeh şu gün Tehranda Günorta Afrikanyň ilçisi Wika Humalo bilen geçiren duşuşygynda Amerika,Sionist režimi we olara garaşly bolan sebitiň käbir ýurtlary özleriniň haramy niýetlerine ýetmek üçin sebiti durnuksyz etmegiň yzyndadyrlar diýdi.

Falahatpişeh sözüniň dowamynda sebitde dartgynlylygy azaltmagy Eýranyň strategiýasy hasaplamak bilen bir wagtda şu çygyrda dünýäniň garaşsyz ýurtlary bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge Tehranyň taýýarlygyny yglan etdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy şeýle-de Eýran bilen Günorta Afrikanyň dostlukly gatnaşyklara we hyzmatdaşlyklara eýedigini nygtady.

Günorta Afrikanyň Tehrandaky ilçisi Wika Humalo hem bu duşuşykda iki ýurdyň dostlukly gatnaşyklaryna yşarat edip Günorta Afrikanyň Eýran bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdygyny nygtady.