Çydamyň sebitde güýçlenmegi
DAEŞ-yň dargamagyndan soň sebitiň ýagdaýy ýuwaş ýuwaş belli bolup barýandyr. Terrorçylar çetleşýandyrlar.günbataryň ýaranlary öz terrorçy şärikleriniň ýeňilmeklerinden haýran galýandyrlar we sebitiň käbir arap ýurtlary hem sebitde täze uruşy ýola bermek arkaly,täze terrorçy toparlaryň döremeklerine şert taýýarlamak ugurda tagalla edýändirler.
Şu ugurda DAEŞ-yň ýeňilmek tejribesi we ondan ozal,Al Sadyň Ýemene hüjüm etmeginiň garşysyndaky çydam toplumynyň tejribesi,şeýle bir hiläniň öňünde durup bilýän güýçiň ilatyň çydam güýçi dygyny görkezýändir.bu güýç bolsa Eýrandaky Besij güýçden ülňi alandyr.mundan ozal Eýranyň yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Homeýni(r.a) hezretleri ,besij güýçiň sebit üçin ülňi bolup bilýän dygyny nygtapdylar.indi yslam ynkylabyň ýeňişe ýetmeginiň 40 ýyla golaý zamanyň boýunda bu güýç, orta gündogaryň ýagdaýyny özgerdip Aziýanyň günbatarynda Waşingtonyň gudratynyň başy aşak bolmagyna şert döredendir.Liwanda Hizbulla,Siriýada watany goraýan güýçi,Yrakda Haşt-alşabi ,Ýemende Ansarulla we ýenede köp ýerlerde,ilin güýçler,Eýranyň Besij güýçinden ülňi alyp kesekileriň agalyk etmekleriniň garşysynda berk durandyrlar.şeýle bir çydam güýç,terrorizmiň garşysynda gaýym galadyr.iki 10 ýyllyga golaý wagt bäri,günbatarlylar,sebitiň käbir bakna arap döwletleriniň kömekleri bilen ,sebitde terrorçylaryň işlerini ösdürdüp
olary,arap milletleriň hakyky wekilleri höküminde görkezjek bolup tagalla etýändirler.olar bu hili işlerinden iki maksatlaryna ýetmek ugurda haýyrlanýandyrlar.olaryň ilkinji maksaty,yslamy howply görközüp musulman milletleri terrorçy we uruş isleýji milletleriň höküminde tanatmakdyr.olaryň ikinji maksaty hem,sebitiň sebitiň düzgün tertibine we durnuklylygyna zeper ýetirip öz harby dahylçylyklaryna şert döretmekleridir.olaryň harby dahylçylyklarynyň netijesi bolsa bu günki gün sebit ýurtlaryň ýüz be ýüz bolýan ýagdaýlary we dürli içerkidir daşarky uruşlar bilen ýaka towlaşmaklarydyr.emma bu hileleriň garşysynda çydam toparlary terrorçylaryň ölmegine böwet bolup günbatarlylaryň sebiti bulagaýlaşdyrmaklarynyň garşysynda berk durmaklaryndan aýry,bir gudrat höküminde keseki döwletleriň el gatmaklarynyň öňüne geçip,ilatyň hakyky isleglerini yzarlaýandyrlar, bu günler günbatarlylar bilen olaryň ýaranlarynyň , sebitde ynkylabçyl gepleşikleriň ösdürülmeginiň symboly bolýan Besij akyma agram bermek ugurda etýän tagallalarynyň hem şonuň üçin bolýan bolmagy mümkindir. Trampyň Liwan Hizbullasynyň tersine aýdan gürrüňleri,Al Saudyň Ýemeniň Ansarulla hereketine etýän harby hüjümleri,Yrakdaky we Siriýadaky ilaty goraýan güýçleriň tersine edilýän işleriň hemmesi ,Günbatarly döwletler we käbir bakna arap ýurtlar, Besij güýçiň çydamyň simboly bolmagyndan gorkmaklarynyň anyk görnüşidir.