Larijani:Eýranyň gün tertibindäki mesele çydam ykdysadyýeti we eksport meselesidir
Eýranyň mejils başlygy Ali Larijani Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň gadaganlyklarynyň täsirini ýok etmek üçin içeriki öňümi,çydam ykdysadyýeti we eksport meselelerini gün tertibinde goýandyr diýdi.
Ali Larijani sözüniň dowamynda gadaganlyklar döwürinde içeriki önümleriň artdyrylmagyna we bu harytlaryň daşary ýurtlara eksport edilmegine şert döredilmelidir diýip nygtady.
Eýranyň Kermanşah welaýatynda maýa goýumlyk pursatlary ady bilen geçirilen ýygnakda gürrüň beren Ali Larijani şeýle-de Kermanşah welaýatynyň Yrak bilen 400 km bilelikdäki serhedi bardyr diýmek bilen Kermanşah welaýaty önüm öndürmek we eksport etmek ugurlarda gowy mümkinçiliklere eýedir diýip sözüne goşdy.
Larijani şeýle-de Yragyň bazary Eýran üçin gowy pursatdyr we Yraklylaryň hem Eýranyň harytlaryna mätäçligi bardyr we şu ugurda bu ýurdyň resmileri bilen hem gowy gepleşikler geçirilendir diýip nygtap geçdi.