Eýran bilen Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Eýran bilen Hindistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleler barada gürrüň etdiler.
Hindistana sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Hindistanyň daşary işler ministri Hanym Suşma Swaraj bilen duşuşyp ikitaraplaýyn meseleler şol sanda ykdysady we bank. petrohimiýa, nebit we energiýa hemde ýük daşaýyş ugurlarda gürrüň etdi.
iki tarap sebitleýin we halkara möhüm meseleler şol sanda ýadro ylalaşygy we Owganystanyň ýagdaýy barada hem pikir alyşdylar.
Muhammet Jawad Zarif Raisina adyndaky halkara konferensiýanyň ýyllyk maslahatyna gatnaşmak üçin 3 günlik sapar bilen New Delhi şäherine barandyr.
Zarif bu ýerde Spaniýa we Awstraliýanyň daşary işler ministrleri bilen hem duşuşyp gürrüň etjekdir.