Ruhani:Golaý geljekde Eýranyň birinji operasiýa emeli hemrasy orbitada ýerleşdiriljekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4564-ruhani_golaý_geljekde_eýranyň_birinji_operasiýa_emeli_hemrasy_orbitada_ýerleşdiriljekdir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Golaý geljekde Eýranyň birinji operasiýa emeli hemrasy orbitada arşyň 600 kilometrliginde ýerleşdiriljekdir diýip habar berdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jan 14, 2019 15:43 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Golaý geljekde Eýranyň birinji operasiýa emeli hemrasy orbitada ýerleşdiriljekdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Golaý geljekde Eýranyň birinji operasiýa emeli hemrasy orbitada arşyň 600 kilometrliginde ýerleşdiriljekdir diýip habar berdi.

şu gün prezident hasan Ruhani Gülüstan welaýatynyň Kümmet etrabynyň ilatynyň arasynda eden çykyşynda Paýam emeli hemrasy kämil şeklinde içerde bejerilendir we ony orbita äktjek emelihemragöteriji hem Eýranyň içersinde bejerilendir diýip nygtady.

bir güniň boýunda 6 gezek Eýranyň üstünden aýlanyp geçjek Paýam emeli hemrasy howa, obahojalyk, suwlar we jeňňeller baradaky maglumatlary iberip başarjakdyr diýip prezident Hasan Ruhani sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany sözüni ýene bir bölüminde Eýran milleti ylmy-bilimi söýýändigini dünýä ähline belli edendir diýmek bilen Eýran milleti duşmanlaryň pitnelerinden gorkmazlyk üçin ylym, tehnologiýa, ykdysadyýet we goranmak ugurlarda gudrata dönendir diýip nygtady.

Amerika, sionist režimi we olara eýerýän käbir döwletler Eýranyň uly milletini ýeňip başarmazlar diýip prezident Ruhani sözüni goşdy.

prezident Ruhani şu gün duşenbe iki günli sapar bilen gülüstan welaýatyna geldi.