Zarif Yragyň mejlis başlygy bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4565-zarif_yragyň_mejlis_başlygy_bilen_duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif bilen Yragyň mejlis başlygy Muhammet Al-Halbusi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 14, 2019 16:21 Asia/Ashgabat
  • Zarif Yragyň mejlis başlygy bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif bilen Yragyň mejlis başlygy Muhammet Al-Halbusi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

şu gün Muhammet jawad Zarif Bagdatda Muhammet Al-Halbusi bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Yragyň gowy gatnaşyklarynaylaýtada parlament gatnaşyklaryna yşarat edip ýylda 7 million Eýranlynyň we Yraklynyň iki ýurda sapar etmekleri iki ýurdyň milletleriniň ýakynlygyny alamatlandyrýar diýip beýan etdi.

Muhammet Al-Halbusi hem bu duşuşykda iki ýurdyň taryhyna we bilelikdäki bähbitlerine yşarat edip DAEŞ toparyny şowsuzlyga uçratmak ugurda Eýran yslam respublikasynyň beren goldawlary babatly minnetdarlygyny bildirdi.

Eýranyň daşary işler ministri mundan ozal Yragyň premýer ministri Adel Abdulmahdi bilen hem duşuşyp gürrüň edipdi we saparynyň gidişinde bu ýurdyň prezidenti Barham Salih bilen hem duşuşyp gürrüň etjekdir.