Başar Assad: Damask-Tehraniň gatnaşyklary milletleriň yradasyna hormat esasyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4567-başar_assad_damask_tehraniň_gatnaşyklary_milletleriň_yradasyna_hormat_esasyndadyr
Siriýanyň prezidenti başar Assad Damask-Tehraniň gatnaşyklary trubaşyndan ahlak we milletleriň yradasyna hormat esasynda we kesekileriň gatnaşmazlygynda gurlandyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 14, 2019 17:15 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad: Damask-Tehraniň gatnaşyklary milletleriň yradasyna hormat esasyndadyr

Siriýanyň prezidenti başar Assad Damask-Tehraniň gatnaşyklary trubaşyndan ahlak we milletleriň yradasyna hormat esasynda we kesekileriň gatnaşmazlygynda gurlandyr diýip nygtady.

şu gün Başar Assad damaskda Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe we onuň ýolbaşçylygyndaky topar bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Siriýanyň syýasaty iki ýurdyň garaşsyzlygyny kepillendirendir we bu syýasata ugurdaş bolan ýurtlar bilen ýörite gatnaşyklar berkarar edilmelidir diýip beýan etdi.

Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe hem bu duşuşykda Eýran bilen Siriýanyň uly medeni mirasy ahlaga we halkara kanunlaryna garşy gelýän syýasatlardan şol sanda terrorizmden we zalymlykly gadaganlyklardan haýyrlanýan döwletleriň garşysynda gaýym durmaklaryna sebäp bolandyr diýip nygtady.

Başar Assad damaskda Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatolla Falahatpişe bu duşuşykda Tehran-Damaskyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtap geçdiler.