Zarif:Eýran daýaw sebitiň yzyndadyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehranyň syýasaty goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek esasyndadyr diýmek bilen Eýran daýaw sebitiň we toparlaýyn hyzmatdaşlygyň yzyndadyr diýdi.
Muhammet Jawad Zarif Al-Wafak gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde sebit aşa käbir döwletler Aziýanyň günbatar syýasatyny belli etjek bolýarlar diýmek bilen gynanç bilen sebitiň käbir döwletleri bu sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmek ugurda sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýerine kesekiler bilen arkalaşyk etmegiň yzyndadyrlar diýip nygtady.
sebit ýurtlaryň kesekiler bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlyklary şowsuzlyga uçran syýasatdyr we sebiti durnuksyzlaşdyrmakdan başga netijesi bolmaz diýip Zarif sözüne goşdy.
Eýranyň daşary işler ministri sözüniň ýene bir bölüminde Ýemen we Siriýa ýurtlaryndaky dartgynlyklaryň harby çykalgasy ýokdyr diýmek bilen diňe gepleşikler arkaly olaryň dartgynlyklaryny çözüp boljakdyr diýip yglan etdi.