Amir Abdullahiýan Amerika duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4579-amir_abdullahiýan_amerika_duýduryş_berdi
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Pres TW tele ýaýlymynyň alyp baryjysy Marziýe Haşemiň tizlik bilen azatlyga goýberilmezliginiň yzgelimleri barada Amerika döwletine duýduryş berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 18, 2019 14:42 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahiýan Amerika duýduryş berdi

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Pres TW tele ýaýlymynyň alyp baryjysy Marziýe Haşemiň tizlik bilen azatlyga goýberilmezliginiň yzgelimleri barada Amerika döwletine duýduryş berdi.

Huseýin Amir Abdollahiýan Twitter sahypasynda Marziýe Haşemini tutmak baradaky syýasy oýunyň başyny Amerika başlandyr Pres TW tele ýaýlymynyň bu habarçysy tizlik bilen azatlyga goýberilmese bu oýunyň soňy Amerika bilen bolmaz diýip nygtady.

geçen günlerde Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem Pres TW tele ýaýlymynyň aslyýeti Amerikaly bolan alyp baryjysy Marziýe Haşeminiň Amerikanyň polisiýasy arkaly tutulyp türmä basylmagyny kabul edip bolmajak syýasy we beýan azatlygyna garşy hereket hasaplamak bilen Amerikalylar wagty köýdürmezden bu syýasy oýuny tamamlasynlar diýip nygtapdy.

Pres TW tele ýaýlymynyň aslyýeti Amerikaly bolan habarçysy Marziýe Haşeminiň deslapky ady Melanie Franklin-di.ol Amerikanyň Klaro ştadynda dünýä gelendir we media pudagynda ýokary oku jaýda okuwyny gutarandyr.

Marziýe Haşemi ýaşlyk döwründe ymam Homeýni(ra) hezlertleriniň şahsyýetinden täsir alyp musulman bolýar we Eýrana gelýär.

öz maşgala agzalarynyň didaryna barmakçy bolan Marziýe Haşemi Amerikanyň St.Louis howa menzilinde bu ýurdyň federal polisiýasy arkaly tutulýar.