bikanun pullaryň kanunylaşdyrylmagyna we terrorizme garşy göreşmek baradaky günbatarlylaryň toslamasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4580-bikanun_pullaryň_kanunylaşdyrylmagyna_we_terrorizme_garşy_göreşmek_baradaky_günbatarlylaryň_toslamasy
Tehraniň juma namazynyň hatyby bikanun pullaryň kanunylaşdyrylmagyna we terrorizme garşy göreşmek üçin FATF adyndaky ýörite maliýe iş toparynyň döredilmeginiň asly maksady Eýran we başga ýurtlaryň maliýe çeşmeleri baradaky maglumatlary elgermekdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jan 18, 2019 19:09 Asia/Ashgabat
  •  bikanun pullaryň kanunylaşdyrylmagyna we terrorizme garşy göreşmek baradaky günbatarlylaryň toslamasy

Tehraniň juma namazynyň hatyby bikanun pullaryň kanunylaşdyrylmagyna we terrorizme garşy göreşmek üçin FATF adyndaky ýörite maliýe iş toparynyň döredilmeginiň asly maksady Eýran we başga ýurtlaryň maliýe çeşmeleri baradaky maglumatlary elgermekdir diýdi.

şu gün Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda eden çykyşynda  bikanun pullaryň kanunylaşdyrylmagyna we terrorizme garşy göreşmek baradaky günbatarlylaryň toslamasyny uly ýalan hasaplamak bilen bikanun pullaryň aklanýan merkezi we terrorizmi maliýe we harby enjamlar taýdan goldaýan Amerika we onuň ýaranlarydyr we bu ýurtlar sionist režimi bilen bilelikde sebitde we dünýäde terrorizmiň uly hemaýatçylaryny ybaratlaýandyrlar diýip nygtady.

Aýatolla Mowahhedi Kermani Ortagündogary bölmek maksady bilen DAEŞ toparyny döredendikleri baradaky Amerikalylaryň aýdan gürrüňlerine yşarat edip Amerika, sionist režimi we olaryň sebitdäki gullukçylary Ýemeni zulum astyndaky milletine garşy amala aşyrlan jenaýatlaryň iň uly hemaýatçylaryndandyrlar diýip beýan etdi.