Aýatolla Larijani: Eýran milleti yslam ynkylabynyň maksatlaryna ygrarlydyr
Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla Sadeg Amoli larijani , duşmanlar Eýran milletini we häkimiýetini boýun eňmäge mejbur etmek ugurda tagalla edýändirler emma Eýran milleti geçen 40 ýylyň dowamynda çydamlylyk we iman esasynda yslam ynkylabyň maksatlary baradaky ygrarynda durandyr diýip nygtady.
şu gün Aýatolla Sadeg Amoli larijani tutuş Eýranyň adalatçylyk edaralarynyň we welaýatlaryň garalawjylyklarynyň başlyklary bilen geçiren maslahatynda Eýran Yslam respublikasy kämil kuwwatlylyk bilen meýdanda durandyr we harby taýdan Amerika we onuň ýaranlarynyň öňüne geçendir diýip nygtady.
Aýatolla Larijani şeýle-de durmuşky ýagdaýda Amerika we oňa garaşly döwletleriň Siriýanyň prezidenti Başar Assadyň gyrakda goýulmagy baradaky gürrüňlerini gyraga taşlap bu ýurtda ilçihanalaryny açmak barada gürrüň etmekleri Eýrana daýanýan çydam toplumynyň kömegi bilen miýesser bolandyr diýip nygtady.