Larijani: terrorçylar sebitde Amerikanyň leşgeridirler
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Amerika döwleti terrorçylardan bir abzal höküminde haýyrlanandan soňra olary bir sebitden başga bir sebite göçürmäge başlandyrlara diýdi.
Ali larijani Tehranda Alžiriň milli mejlisiniň daşary işler komissiýasynyň başlygy Abdulhamid Si Afif bilen geçiren duşuşygynda Amerika sebitde terrorizm meselesiniň çözülmegine rugsat bermeýär diýmek bilen terrorçylar sebiti Waşingtonyň islegleri esasynda durnuksyzlaşdyrýandyrlar we durmuşda terrorçylar Aziýanyň käbir sebitlerine we Afrikanyň demirgazygyna üns berip durandyrlar diýip nygtady.
Larijani şeýle-de asyryň uly söwdasy adyndaky Amerikanyň yzarlaýan taslamasyna yşarat edip Waşington döwleti Palestina meselesini diňe gaza zolagyna çäklendirjek bolýar diýip sözüne goşdy.
Ali larijani sözüniň dowamynda käbir arap ýurtlaryň Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugurdaky hereketlerini musulman ýurtlar üçin ruswalyk hasaplamak bilen musulman milletlerde dörän oýalyk babatly olar bu ugurda üstünlik gazanyp başarmazlar diýip beýan etdi.
Alžiriň milli mejlisiniň daşary işler komissiýasynyň başlygy Abdulhamid Si Afif hem bu duşuşykda eziji gudratlaryň başga ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmagyny tankyt etmek bilen hiç kim başga ýurtlar bilen nähili gatnaşyk açmaklygy Alžire buýrup başarmaz diýip nygtady.