Aştari:sebitde Eýranyň howpsuzlygy taýsyzdyr
Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýjüniň serkerdesi bütin dünýä imperializmiň duşmançylyklaryna garamazdan sebitde Eýranyň durnukly howpsuzlygy taýsyzdyr diýip beýan etdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýjüniň serkerdesi serdar sertip Huseýin Aştari öten agşam Eýranyň Ýazd şäherinde beren gürrüňlerinde duşmanlar we olaryň sebitdäki ýortawullary mydama Eýranyň howpsuzlygyna şikes ýetirmegiň yzynda bolandyrlar emma mukaddes gorag döwründe bolşy ýaly olar hiç haçan öz maksatlaryna ýetip başarmazlar diýip yglan etdi.
soňky ýyllarda Eýran milletiniň hüşgärligi we dini düşünjeleri netijesinde duşmanlaryň bütin mekirli hereketleri şowsuzlyga uçrandyr diýip sertip Aştari sözüne goşdy.
Aştari sözüniň dowamynda duşmanlaryň haýbat atmalary bilen garşylaşmak üçin Eýranyň ýaragly güýçleriniň doly taýýarlygyny nygtady.