Falahatpişe:Ýewropanyň maliýe çäresinde gowy ykdysady ýagdaýa mümkinçilikler bardyr
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişe başga ýurtlary Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmek kararyna getirmek üçin Ýewropanyň maliýe çäresi Eýran üçin syýasy geçiş tapgyry hökümindedir diýdi.
Heşmatollah Falahatpişe şeýle-de INSTEX adyndaky Ýewropanyň maliýe çäresi Amerikanyň öňünde durmaga Ýewropa mümkinçilik döretjekdir we soňky tapgyrlarda Orsýet,Hytaý we Ýewropanyň başga ýurtlary hem bu maliýe kanalyna goşuljakdyrlar diýip nygtady.
Falahatpişe sözüniň dowamynda INSTEX-de Eýranyň nebit eksport edip bilmegine ýörite mehanizm belli edilen däldir diýmek bilen Ýewropalylar Eýranyň iň bäri baş isleglerini üpjün etmek bilen Amerikalylaryň garşysynda çekeleşige ýol açandyrlar diýip beýan etdi.