Aýatolla Amoli larijani: Eýran, Ýewropalylaryň kemsidiji şertlerini kabul etmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4651-aýatolla_amoli_larijani_eýran_Ýewropalylaryň_kemsidiji_şertlerini_kabul_etmez
Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla sadeg Amoli larijani Eýran Yslam Respublikasy hiç haçan Ýewropalylaryň kemsidiji şertlerini kabul etmez diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 04, 2019 16:20 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Amoli larijani: Eýran, Ýewropalylaryň kemsidiji şertlerini kabul etmez

Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla sadeg Amoli larijani Eýran Yslam Respublikasy hiç haçan Ýewropalylaryň kemsidiji şertlerini kabul etmez diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla sadeg Amoli larijanikazyýet güýjiň ýokary derejeli jogapkärleri bilen geçiren maslahatynda Amerika we onuň ýaranlaryň öňünde durmaklygyň iň oňat ýoly duşmanlaryň artykmaç islegleriniň garşysynda durmakdyr diýmek bilen Ýewropa hem Amerikanyň ýalňyş ýolyny yzarlýar we Eýran yslam respublikasy hemişekiler ýaly çydamlylyk görkezmelidir diýip nygtady.

Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla sadeg Amoli larijani sözüniň dowamynda azyk we derman üpjün etmek maksady nazara alyp Eýran bilen söwladalaşyga şert döretmek üçin Ýewropanyň döreden Insteks adyndaky ýörite maliýe çäresine yşarat edip Ýewropa birnäçe şerti şol sanda Eýranyň FATF-e goşulmagyny, reketa kuwwatlylygy barada gepleşik geçirmekligi ileri sürmek bilen ýalňyş ýola gadam goýandyr we Eýran Yslam respublikasy hiç haçan bu kemsidiji şertleri kabul etmez we her bir islege boýun bolmaz diýip nygtap geçdi.