Larijani:sebitde howpsuzlygy berkarar etmekde Eýran oňaýly rola eýedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4661-larijani_sebitde_howpsuzlygy_berkarar_etmekde_eýran_oňaýly_rola_eýedir
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani durmuşky ýagdaýda Aziýanyň günbatar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmekde Eýran täsirli rola eýedir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 05, 2019 13:29 Asia/Ashgabat
  • Larijani:sebitde howpsuzlygy berkarar etmekde Eýran oňaýly rola eýedir

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani durmuşky ýagdaýda Aziýanyň günbatar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmekde Eýran täsirli rola eýedir diýdi.

şu gün Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynda eden çykyşynda Eýran milletine garşy bütin dünýä imperializmyň we Sionizmiň amala aşyrýan syýasatlaryna hemde urşa we terrorçylykly hereketlere garamazdan Eýran Yslam Respublikasy baş ýokarlyk bilen 40 ýyl döwüri başdan geçirendir we bu günki gün sebitde Eýran täsirli rola eýedir diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasaty howpsuzlygy,milli bähbitleri we garaşsyzlygy goramak,ejizleri goldamak we musulman ýurtlary bilen arkalaşyk etmek esasyndadyr diýip yglan etdi.

Larijani şeýle-de duşmanlaryň Eýran Yslam Respublikasyna garşy amala aşyrýan pitnelerine yşarat edip Eýran duşmanlaryň garşysynda gaýym durmagy bilen duşmanlary Eýrana garşy herekete baş goşmakdan alyp galandyr diýip beýan etdi.

milli birleşik we Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýol görkezmeleri esasyndaky çydamlylyk Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda Eýran Yslam Respublikasynyň üstünlik gazanmagyna sebäp bolan delillerdendir diýip Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani sözüne goşdy.