Ruhani:goranyş enjamlary bejermek üçin Eýran hiç kimden rugsat almaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4690-ruhani_goranyş_enjamlary_bejermek_üçin_eýran_hiç_kimden_rugsat_almaz
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasy dürli raketalary we goranyş enjamlary bejermek üçin hiç kimden rugsat almaz we öz ýoluny kuwwatlylyk bilen dowam etdirjekdir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 11, 2019 13:56 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:goranyş enjamlary bejermek üçin Eýran hiç kimden rugsat almaz

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasy dürli raketalary we goranyş enjamlary bejermek üçin hiç kimden rugsat almaz we öz ýoluny kuwwatlylyk bilen dowam etdirjekdir diýip yglan etdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 40-nji ýyllygyna bagyşlanyp Azadi meýdançasynda geçirilen dabarada eden çykyşynda bütin dünýä ähli bilip goýsun bu günki gün Eýranyň kuwwatlylygy mukaddes gorag döwürinden ýokardadyr we Eýranyň ýaragly güýçleri dürli ýaraglary we bombalary bejermekde garaşsyz bolandyrlar diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda ýurdy goramak ugurdaky Eýranyň ýaragly güýçleriniň batyrgaýlygyna yşarat edip bütin dünýä ähli Siriýa,Yrak we Liwan milletleriniň Eýranyň yradasy we kömegi bilen ýeňişe ýetendiklerini görendirler we Palestina we Ýemen ýurtlarynda hem basyp alyjylaryň garşysyndaky çydamlylyk dowam etdirilip durulandyr diýip nygtady.

Eýran milletiniň giň gerimde yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň dabarasyna gatnaşmagy duşmanlaryň pitneleriniň puja uçranlygyny we geçen 40 ýylda boluşy ýaly yslam ynkylabynyň batly öňe gitjekdigini belli edendir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.