Jahangiri:Eýran hiç bir ýurtdan buýruk alýan däldir
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Eýran milleti geçen 40 ýylyň boýunda hiç bir ýurtdan buýruk almaýanlygyny we bütin kynçylyklardan geçenligini mälim edendir diýdi.
şu gün Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Şiraz şäherinde yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň ýyllygynda ýöriş geçiren ilatyň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran milleti garaşsyzlygyň,erkinligiň,adalatyň we köp ugurly ösüşiň yzyndadyr diýdi.
Jahangiri sözüniň dowamynda Amerikalylar uly Eýrany elden berendikleri üçin gaty gahardadyrlar we Pars Aýlagynda kuwwatly Eýranyň garaşsyzlygyň we erkinligiň nusgasyna dönenligi babatly ejir çekýändirler diýip nygtady.
duşmanlar Eýran milletinde umytsyzlyk döretjek bolýarlar emma Eýranyň döwleti we milleti duşmanlaryň zalymlykly gadaganlyklarynyň garşysynda durandyrlar we mümkinçiliklerden peýdalanyp aýdyň geljegi ýasajakdyrlar diýip Jahangiri sözüne goşdy.