Ruhani:Amerikanyň pitneleri Eýran milletiniň yradasyna täsiri bolmaz
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani uly gudratlaryň şol sanda Amerikanyň amala aşyrýan pitneleriniň Eýran milletiniň yradasyna täsiri galdyryp başarmaýanlygyny aýtdy.
şu gün prezident Hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde 22-nji Bahman güni geçirilen ýol ýöreşiklerinde Eýran milleti kemini goýmady diýmek bilen bu ýol ýöreşiklerde Eýran milleti öz häkimiýetini kesekilere gowşurmajakdygyny yglan etdi diýip nygtady.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda 40 ýyl mundan ozal Eýran milletiniň başlan täze ýoly dowam etjekdir diýmek bilen geçen bir ýylyň boýunda duşmanlar Eýran milletini gaýga,perişanlyga we umytsyzlyga uçratjak bolup tagalla etdiler emma Eýran milleti ýene bir gezek abraýyny we garaşsyzlygyny goramak bilen duşmanlara boýun bolmajakdygyny belli etdi diýip beýan etdi.
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani sözüniň ýene bir bölüminde sebit meselelerini aýratynda Siriýa meselesini çözmek üçin Eýran,Orsýet we Türkiýäniň başlyklarynyň bilelikde Orsýetiň Soçi şäherinde geçirjek maslahatyna yşarat edip Tehranyň bu maslahata gatnaşmagy Eýranyň döwleti we milletiniň hemde jogapkärleriniň sebitiň durnuklylygy we howpsuzlygy ugurda tagalla edýänligini belli edendir diýip nygtap geçdi.
prezident Hasan Ruhani Siriýa barada 3 taraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin erti Orsýetiň Soçi şäherine sapar edýär.