Zarif: Warşaw maslahaty başda ýeňilen maslahatdyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Warşaw maslahaty başda ýeňilen maslahatdyr diýdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad içeri we daşary habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň baştutanlygynda Polşanyň paýtagty Warşawda geçirilýän maslahatyň asly maksady Eýrana basyş bermekdir diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad sözüniň dowamynda Warşawa maslahatyna gatnaşan käbir ýurtlaryň resmileriniň bu maslahata gatnaşmakdan başga çereleriniň ýokdygyny aýdandyklaryna yşarat edip Warşaw maslahatyna gatnaşanlar bilelikde bir beýannama çykarypň başarmaýarlar diýip nygtady.
Warşaw maslahaty şu gün 60 ýurdyň wekilleriniň gatnaşmagynda Polşanyň paýtagty Warşawda heçirilip başlandy.
şol bir wagtda germaniýanyň, Fransiýanyň we britaniýanyň resmileri Warşaw maslahaty Amerikanyň bidüzgünçilik dörediji we zyýanly tutumlarynyň netijesidir diýip yglan etdiler.