Gasemi:Warşaw konferensiýasynyň soňky beýannamasy onuň şowsuzlygynyň senedidir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Warşaw maslahatynda täze bileleşik döretmek ugurda Waşingtonyň amala aşyran tagallalaryna garamazdan bu maslahatyň soňky beýannamasy häsiýetsiz senede dönendir diýdi.
Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Polşanyň paýtagty Warşawda geçirilen maslahatyň soňunda çykarylan beýannamany ygtybarsyz hasaplamak bilen Orta Gündogaryň özgerişlerinde täsirli ýurtlaryň şol sanda Eýran,Türkiýe,Liwan,Yrak,Siriýa we Palestina ýurtlaryň hemde Hytaý,Orsýet we Ýewropanyň möhüm ýurtlarynyň oňa gatnaşman ýagdaýynda orta gündogaryň howpsuzlygy barada geçirilen maslahat nä-hilli netije bersin diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi şeýle-de Amerikanyň daşary işler ministri we bu ýurduň prezidentiniň orunbasarynyň Eýrana garşy aýdan gürrüňleri we Ýewropadan ýadro ylalaşygyndan çykmagyny islemekleri Warşaw maslahatynyň şowsuzlygynyň alamatydyr diýip sözüne goşdy.
Eýrana garşy bolan Warşaw maslahaty geçen çarşenbe we penşenbe günleri Polşanyň paýtagty Warşawda geçirildi.Warşaw maslahaty Eýranyň adyny bu maslahatyň soňky beýannamada ýerleşdirmek üçin Amerika we Sionist režiminiň tagallalarynyň şowsuzlyga uçramagy bilen gutardy.