Ruhani:Eýran sebit ýurtlaryň hemmesi bilen doganlykly gatnaşyklary berkarar etmegi isleýändir
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani käbir goňşy ýurtlaryň ýalňyş ýoly saýlandyklaryna garamazdan Eýran Yslam Respublikasy sebitiň bütin ýurtlary bilen doganlykly we ýakyn gatnaşyklary berkarar etmegi isleýändir diýip yglan etdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Eýranyň günoartasynda ýerleşen Bender Lenge ilatynyň arasynda beren gürrüňlerinde terrorçy Jeýiş Al-zulum toparjygynyň Eýranyň Sistan we Blujestan welaýatynda amala aşyran terrorçylykly hüjüminde Eýranyň serhet gullukçylarynyň 27-siniň şehit bolanlygyna yşarat edip Eýran milletiniň bu şehitleriň aryny aljakdygyna şek şübhe ýokdur diýdi.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýran mydama sebitiň howpsuzlygy ugurynda hereket edendir we sebitde hiç haçan urşyň başyny başlan däldir diýmek bilen musulmanlar birleşip dostlukly we doganlykly gatnaşyklary berkarar edip sebitiň howpsuzlygyny goramalydyrlar diýdi.
Eýranyň döwlet baş tutany şeýle-de Amerika we Sionist režimi biziň howpsuzlygymyzy üpjün edýärler diýip pikir edýän käbir sebit ýurtlaryň gaty ýalňyşýandyklaryna yşarat edip eziji döwletleriň sebitde edýän işleri kowumlaryň we milletleriň arasynda agzalalyk döretmekdir we bu meselä hüşgär bolunmalydyr diýip nygtap geçdi.