Zarif insteks taslamasyny tankyt etdi
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif ýadro ylalaşygyny goramak üçin Ýewropalylaryň ileri süren insteks çäresi Ýewropanyň 3 ýurdynyň beren wadasyndan gaty azdyr diýdi.
şu gün Muhammet Jawad zarif Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Eýran yslam respublikasy arkalaşyga ykjamdygyny görkezendir diýmek bilen Eýran, howpsuzlygyny, durnuklylygyny we ösüşini goramak üçin kesekilere bakna däldir we diňe öz milletine danaýnaýndyr diýip nygtady.
Zarif sözüniň dowamynda Eýranyň ýeke özi halkara ylalaşyklaryň harajatyny töläp başarmaz diýmek bilen şu ugurda Ýewropanyň hem çykdajy etmegi gerekdir diýip beýan etdi.
Muhammet jawad zarif sözüniň dowamynda üstümizdäki ýylyň 22-nji bahman güni Eýran milleti Aziýanyň günbatarynda Amerikanyň ezijilik sütünini dargadandyr diýmek bilen Amerika döwleti 40 ýylyň boýunda Eýran milletine garşy agyr basyşlary, gadaganlyklary we hatda uruşy ýola berdi emma hiç haçan Eýran milletini dyza çökerip başarmady diýdi.
durmuşky ýagdaýda dünýäniň parahatçylygyna garşy iň uly howpa dönendir diýip Zarif sözüne goşdy.