Eýranyň iň döwürebap suw asty gämisi Eýran goşunynyň deňiz güýjüne goşuldy
Eýranyň Fateh atly iň döwürebap suw asty gämisi prezident Hasan Ruhaniň gatnaşmagynda Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň günorta Naw toparyna goşuldy.
şu gün Eýranyň goranmak ministri Emir sertip Amir Hatami Bandar Abbasda Fateh atly suw asty gäminiň ulanyşa beriş dabarasynda beren gürrüňlerinde bu suw asty gämiň başdan aýagy içeride we Eýranly ekspertler arkaly bejerilendir diýip yglan etdi.
Amir Hatami sözüniň dowamynda Fateh suw asty gämisi Eýranyň birinji ýarym agyr suw asty gämisidir we dünýä derejesinde öz boluşly ýöriteliklere eýedir diýip nygtady.
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhni ykdysady senagat we goranyş ugurda bir näçe taslamany ulanyşa bermek maksady bilen şu gün Eýranyň Hormozgan welaýatyna barandyr.