Zarif:Sionist režimi halkara hukuky bozýandyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Sionist režimiň sebitdäki hereketlerini howply hasaplamak bilen Ysraýyl režimi halkara hukuky bozýandyr diýdi.
Muhammet Jawad Zarif Germaniýanyň Süddeutsçe Zeitung gazeta bilen geçiren söhbetdeşliginde Sionist režiminiň Liwanyň we Siriýanyň howa çägine girýänligine yşarat edip Ysraýyl režiminiň sebitdäki hereketleri halkara hukukyna we Birleşen Milletler Guramanyň karar hatlaryna garşydyr diýip nygtady.
Zarif sözüniň dowamynda Sionist režimiň Siriýa garşy hüjümlerini öjükdirji hasaplamak bilen öjükdirji hereketleriň mydama howplydygyny beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Eýranyň Siriýadaky harby maslahatçylaryna yşarat edip olar Siriýa döwletiniň islegi esasynda bu ýurtdadyrlar diýip sözüne goşdy.
Sionist režimi Siriýadaky terrorçylary goldamak maksady bilen Siriýa goşunynyň pozisiýalaryny we bu ýurduň düýp gurluşyklaryny hüjüm astyna alýandyr.