Ruhani: imperializme we uly gudratlara garşy göreşmek öz aýagyň üstünde durmuklagyň ýolydyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani öz aýagyň üstünde durmak ugurda tagalla edilmegi imperializme we uly gudratlara garşy göreşmekde amaly ädim hasaplanýandyr diýmek bilen Eýrana garşy gadaganlyklardan maksat tehnologiýa ösüşiniň badyny almakdyr diýdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda ylym ugurda talaş edýän kompaniýalaryň müdirleriniň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranyň ylyma esaslanýan kompaniýalary gadaganlyklary pursata döndürip tehnologiýa ösüşi ugurda haýyrlanmalydyrlar diýip nygtady.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda imperializme garşy göreşmek gury şygar bilen bolmaýar belkide amal meýdanynda subutlanmalydyr we egerde ylyma esaslanýan kompaniýalar daşary ýurtlara bolan mätäçlikleri içerde üpjün edip başarsalar muňa uly gudratlara garşy göreşmek diýilýär diýip beýan etdi.
ylym we tehnologiýanyň ösüşi çäksizdir we Amerika ýaly hemme zada serhet kaýyl bolýan ýurtlar üstünlik gazanmazlar diýip Ruhani sözüne goşdy.