mertebesi belent ýolbaşçy: yslam ynkylaby öňe barýar
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri ýurdyň jogapkärlerine howsala bolmaklygy we umytsyzlygy özlerinden daşlaşdyrmaklaryny tabşyrmak bilen yslam ynkylaby öňe gitjekdir diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleriniň eserlerini saklaýan we neşir edýän gullugynyň beren habaryna görä düýn ýekşenbe güni Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri haryj fig sapagynyň başynda işiň soňuna garamak we işlerde şowhunly bolmak barada Ymam Sadyk(a.s)iň aýdan sözüne yşarat etmek bilen geçen 22-nji bahman güninde uly hadysany göz bilen görensiňiz. ynkylapda, ynkylap hereket edýär we öňe gitýär diýdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözleriniň dowamynda Eýran milletiniň we Ymam Humeýni hezretleriniň ynkylabynyň üstünden 40 ýyl geçdi we hemme zatlar bu wagta çenli ýatlardan çykmalydy emma Eýran milleti bu wakanyň düýn ýüze çykan ýaly görýärler diýip nygtap geçdiler.