Nasir Ahmat Andişe:Çabahar porty üstünli Owganystanyň söwdasy ösjekdir
Owganystanyň daşary işler ministrliginiň orunbasary Eýranyň Çabahar porty üstünli Owganystanyň söwdasynyň ösmeginiň mümkindigini aýtdy.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Nasir Ahmat Andişe Kabulda Eýranyň Owganystandaky ilçisi Muhammet Reza Bahrami bilen geçiren duşuşygynda Eýran,Hindistan we Owganystan arasynda Çabahar tranzit ýolunyň açylmagyny 3 ýurduň söwda we ykdysady ösüşinde täsirli boljakdyr diýdi.
Eýranyň Owganystandaky ilçisi Muhammet Reza Bahrami hem Çabahar portynyň ulanyşa berilmegini 3 ýurduň eksport we importy üçin möhüm hasaplady.
Geçen ýekşenbe güni Owganystanyň prezidentiniň gatnaşmagynda bu ýurduň ilkinji harydy Eýranyň Çabahar porty üstünli Hindistana iberildi.
Çabahar porty Merkezi Aziýada ýerleşen ýurtlara hemde Owganystana erkin suwlara ýetmek üçin iň ýakyn ýol bolmagy sebäpli köp ähmiýetlidir.