serleşger Bageri: Eýran uly gudratlaryň zor aýtmalaryny çydamaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4847-serleşger_bageri_eýran_uly_gudratlaryň_zor_aýtmalaryny_çydamaz
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet Bageri Eýran Yslam respublikasy garaşsyz bir ýurt adynda uly gudratlaryň zor aýtmalaryny çydamaz diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 05, 2019 17:26 Asia/Ashgabat
  • serleşger Bageri: Eýran uly gudratlaryň zor aýtmalaryny çydamaz

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet Bageri Eýran Yslam respublikasy garaşsyz bir ýurt adynda uly gudratlaryň zor aýtmalaryny çydamaz diýdi.

şu gün serdar  Muhammet bageri Dafos ýokary okuw jaýynda okuwlaryny gutaran talyplara ýöriteleşdirlip geçirlen maslahatda beren gürrüňlerinde Eýran bütin milletleri garaşsyzlyga tabşyrýandyr diýip nygtady.

serleşger bageri sözüniň dowamynda sebitaşa gudratlaryň we olaryň sebitdäki ýaranlarynyň Eýrana garşy duşmançylyklarynyň sebäbi Eýranyň garaşsyzlygydyr diýmek bilen Eýran bir garaşsyz ýurt adynda hiç haçan kesekileriň ýörelgelerine eýermez diýip yglan etdi.

serleşger bageri şeýle-de Eýran duşmanlaryň bütin wehimlerine garşy göreşmäge taýýardyr diýmek bilen geçen 40 ýylyň boýunda Eýran günbe günden duşmanlaryň wehimlerine daýawrak durandyr we goňşy döwletler bilen iň oňat gatnaşyklaryny saklajak bolup tagalla edendir diýip nygtady.