Ruhani:dünýä ýurtlarynyň aglabasy Amerikanyň gadaganlyklaryna garşydyrlar
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani bu günki gün sebitiň bir näçe garaşly ýurdundan we Sionist režiminden aýry Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny hiç bir ýurt goldaýan däldir we Waşingtonyň Günbatar ýaranlary hem bu gadaganlyklaryň tura başdan ýalňyşdygyny aýtýandyrlar diýdi.
şu gün prezident Ruhani Gilan welaýatynyň ydary geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda geçen 40 ýylyň boýunda Eýran mydama gadaganlyklara gabat gelendir diýmek bilen Ýewropa,Aziýa,Afrika,Latin Amerika we hatda Demirgazyk Amerika we Amerikanyň içerisinde Donald Trampyň Eýrana garşy gadaganlyklaryna garşy çykýandyrlar diýip beýan etdi.
Amerika ilaty hem Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrmaga Waşingtonyň hakynyň ýoklygyny aýtýandyrlar we dünýäniň umumy pikirleriniň haky Eýrana bermekleri uly nygmatdyr diýip prezident Hasan Ruhani sözüne goşdy.
prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň goňşylary hakda parhsyz bolup bilmejekdigini aýdyp eger-de Eýrany goldawlary bolman bolsady terrorçy DAEŞ topary Bagdada we Yragyň Kurdistan sebitine musallat bolaldy diýip sözüne goşdy.
Eýranyň döwlet baş tutany Eýran gepleşik geçirmegiň tarapdarydyr we gepleşik geçirmekden gorkusy ýokdyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy BMG-nyň maslahatlaryna gatnaşmak bilen özüniň pozisiýasyny dünýä ýurtlaryna yglan edýändir diýdi.
prezident Ruhani öten Agşam Gilan welaýatynyň ösüş we saýlanan şahsyýetleri ady bilen geçirilen maslahatda hem Amerikalylaryň Eýrana garşy derman gadaganlyklaryny umum adamzada garşy jenaýat hasaplady.
Amerika döwleti diňe Eýranyň häkimiýeti bilen kynçylygynyň bardygyny toslaýandyr emma bu toslama haýasyzlyk bilen aýdylýan ýalan gürrüňdir Amerikalylar hatda Eýranda bir derman merkeziň gurulmagyna garşy durýarlar diýip prezident Ruhani nygtap geçdi.
Amerikalylaryň derdi ýadro ylalaşygy ýa-da ýadro gepleşikleri däldir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.