Gasemi: Arap Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn komitetiniň soňky beýannamasy puçdyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Arap Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn maslahatynyň soňunda çykarlan beýannamanyň gaýtauwlynda gymmatly we önjeýli bolmadyk beýannamalaryň ynamy aradan aýyrmakdan we sebit ýurtlarynyň arasyny daşlaşdyrmakdan başga netijesi bolmaz diýip nygtady.
şu gün bahram Gasemi sözüniň dowamynda ýaňky komitete agza ýurtlar bu beýannamanyň sebitiň bütin ýurtlarynyň garaýyşlaryny öz içine almaýanlygyny gowy bilýändirler diýip nygtady.
olar şeýle-de Eýran Yslam respublikasynyň bu hili duşmançylykly hereketleriň täsiri astynda galmaýanlygyny hem we ýemene garşy hüjüme garşy çykmak baradaky garaşsyz pozisiýasyny hemde terrorizme garşy göreşmek we sebitaşa gudratlaryň güýçleriniň sebite girmeklerine garşy durmak baradaky syýasatlaryny üýtgetmejekdigini bilýändirler diýip nygtady.