mertebesi belent ýolbaşçy Hojjatol yslam reisini Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy wezipesine bellidiler
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Hojjatol yslam Seýe Ibrahim Reisini Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy wezipesine bellidiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri bu höküminde kazyýet güýjüň özgeridilmeginiň we kuwwatlylyk bilen täze döwriň başlanmagynyň zerurlygyny nygtamak bilen dürli wezipelerinde Hojjatol Yslam Welmoslemin Seýed Ibrahim Reisiniň bilimini, tejribesini, saglygyny, amanatdarlygyny, we işe beletligini we onuň kazyýet güjündäki uzak geçmişini we bu işiň bütin taraplaryna ýetikligini bu wezipä bellenmeginiň delillerinden hasapladylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de Eýranyň kazyýet güýjüniň täze başlygyna garap yslam ynkylabynyň 5-nji on ýyllygynyň başlanmagy we yslam fighi we hukuky esasyndaky adalatçylyk guramasynyň guralmagyndan 40 ýylyň geçmegi tejribelere we gazanylan üstünliklere daýanyp kazyýet güjüň talaplaryna laýyklykda özgerişleriň döredilmegi zerurdyr diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de adalatçylyk guramasy täzeden jana giren ýaly bolup uly hyjuw, tertip-düzgün we akyla laýyk çäreler esasynda ynkylabyň ikinji äädimine laýyk gelýän täze döwrüň başyny çynlakaýlyk bilen başlamalydyr diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de Eýranyň kazyýet güjüniň öňki başlygy Aýatolla Sadeg Amoli Larijänä çeken zähmetleri üçin minnetdarlygyny bildirdiler.