Ruhani: Tehran-Baku döwletleriň gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran-Baku döwletleriniň köpugurlardaky gatnaşyklarynyň ýüziniň ösüşe tarpdygyny aýtmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi ugurda taglla edilmegini nygtady.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Muhammetýarow bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň gatnaşyklaryny ösdürmek ugurdaky hereketler barada hoşallygyny beýan etmek bilen Eýranyň jogapkärleriniň yradasy Tehran-Baku gatnaşyklaryny köpugurlarda ösdürmekdir diýip yglan etdi.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Tehran-Baku döwletleri sebit we halkara meselelerinde parahatçylygyň berkarar bolmagyny we hakyň ödelmegini yzarlaýandyrlar diýmek bilen Raşt-Astara demir ýoly iki milletiň bähbitleri we sebit üçin möhüm ädimdir diýip beýan etdi.
Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Muhammetýarow hem bu duşuşykda Tehran-Baku döwletleriniň syýasy- ykdysady, medeni we sosial gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda hiç hili böwet ýokdyr siýmek bilen Raşt-Astara demir ýolynyň amala aşyrylmagy bilen Orsýet, Eýran we Azerbaýjan respublikasys birek-birege çatylýandyr we Eýran hem gürjüstan üstünli gara deňize gowşup bilýändir diýip- nygtady.