Muhammetýarow Ali Şamhani bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4879-muhammetýarow_ali_Şamhani_bilen_duşuşdy
Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Muhammetýarow Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary Baku-Tehraniň gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine täsiri bolmaz diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 09, 2019 17:58 Asia/Ashgabat
  • Muhammetýarow Ali Şamhani bilen duşuşdy

Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Muhammetýarow Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary Baku-Tehraniň gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine täsiri bolmaz diýdi.

şu gün Elmar Muhammetýarow Tehranda Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani bilen geçiren duşuşygynda Eýrana garşy gadaganlyklar Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň gatnaşyklaryna negatiw täsiri bolmaz sebäbi Baku döwleti syýasy, ykdysady ugurlarda Tehran bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr diiýp yglan etdi.

Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Muhammetýarow şeýle-de Tehran bilen Bakuw döwletleriniň ikitaraplaýyn we halkara gatnaşyklaryny önjeýli we täsirli hasaplamak bilen Azerbaýjan respublikasy Eýran bilen söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugurdaky her hili başlangyjy garşylaýar diýip sözüne goşdy.

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani hem bu duşuşykda Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynypň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki milletiň islegidir we şu ugurdaky böwetleri aradan aýyrmaga Eýran taýýardyr diýip yglan etd.