Ruhani:Yragyň howpsuzlygy tutuş sebitiň bähbidinedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4885-ruhani_yragyň_howpsuzlygy_tutuş_sebitiň_bähbidinedir
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Yragyň howpsuzlygy we durnuklylygy tutuş sebitiň bähbidinedir diýmek bilen Eýran we Yrak ýurtlary terrorizm babatly köp kynçylyklara gabat gelip durandyrlar diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 11, 2019 16:39 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Yragyň howpsuzlygy tutuş sebitiň bähbidinedir

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Yragyň howpsuzlygy we durnuklylygy tutuş sebitiň bähbidinedir diýmek bilen Eýran we Yrak ýurtlary terrorizm babatly köp kynçylyklara gabat gelip durandyrlar diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani Bagdatda Yragyň prezidenti Barham Salyh bilen geçiren bilelikdäki habar konferensiýasynda Yragyň howpsuzlygy we durnuklylygy Eýran üçin gaty möhümdir sebäbi durnukly Yrak sebitde möhüm roly ýerine ýetirip başarjakdyr diýip beýan etdi.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda biz Yragy öz watanymyz ýaly duýýarys diýmek bilen Eýran bilen Yrak milletleri müňleçe ýyllyk gatnaşyklardan paýlydyrlar we Tehran döwleti bu ýurt bilen saklaýan dini,medeni,taryhy we sebitleýin gatnaşyklaryny öňkilerden beter ýygjamlaşdyrmaga ykjamdyr diýip yglan etdi.

Yragyň prezidenti Barham Salyh hem bu habar konferensiýada eden çykyşynda DAEŞ-e garşy göreşmekde Yraga beren goldawlary babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirmek bilen Eýran bilen Yragyň gatnaşyklary hemmeleriň bähbidinedir diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhni ýokary derejeli syýasy weykdysady bir topara ýolbaşçylyk edip Bagdada bardy we Bagdadyň Al-salam köşgünde Yrakly kärdeş tarapyndan garşy alyndy.