Eýranyň kazyýet güýjüniň täze başlygyny tanyşdyrylyş dabarasy
Eýranyň kazyýet güýjüniň öňki başlygyny hoşlaşma we täze başlygynyň tanyşydyrylyş dabarasy şu gün kazyýet güýjüniň jogapkärleriniň we ýurt boýunça dürli resmileriň gatnaşmagynda Tehrana geçirildi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä ýaňky maslahatyň başynda yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň gullugynyň başlygy hojjatol yslam welmoslemin Muhammet Muhammei Golpaigani, hojjatol yslam seýed ibrahim reisiniň, mertebesi belent ýolbaşçysy tarapynda Eýranyň kazyýet güýjüniň täze başlygy wezipesine bellenenligi baradaky hökümini okady.
hojjatol yslam seýed ibrahim reisi hem bu dabarada eden çykyşynda Eýranyň kazyýet güýjüniň öňki başlygy Aýatolla Sadeg Amoli Larijaniň çeken zähmetlerine minnetdarlygyny bildirmek bilen hiç kimiň hiç bir orunda kanuny aýak aşaga salmaga haky ýokdyr diýip yglan etdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň öňki başlygy Aýatolla Sadeg Amoli Larijani hem bu dabarada eden çykyşynda hojjatol yslam seýed ibrahim reisini täze wezipesi bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi.