Gasemi: Eýran bilen Yrak özragatnaşyklaryny dowam etmek üçin hiç kimden rugsat almaz
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Amerikanyň daşary işler ministrliginde Eýran boýunça iş toparynyň başlygy Braýan Hukiň prezident Ruhani Yraga gurnan sapary baradaky gürrüňlerine yşarat edip Eýran bilen Yrak döwletleri özragatnaşyklaryny dowam etmek üçin hiç kimden rugsat almaýarlar diýip yglan etdi.
Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Eýran bilen Yrak döwletleri hoşniýetli goňşyçylyk strategiýany saýlandyrlar diýmek bilen Amerikalylaryň gazaba çykmagy geň zat däldir sebäbi Waşington döwleti Aziýanyň günbatarynda milliardlarça dollar çykdajy etdi emma sebit milletleriniň arasynda talaba laýyk orny elgerip başarmady we onuň delili hem Amerikanyň elgatyjylykly we harby syýasatlarydyr diýip nygtady.
Braýan Huk öten agşam eden çykyşynda prezident hasan ruhaniň Yraga gurnan sapary barada gahardadygyny duýdyrmak bilen bu sapar Yrak milletiniň bähbidine dääldir diýip toslady.