Şamhani: käler şubheli tärde sebitde ýadro proýektlerini yzarlaýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4892-Şamhani_käler_şubheli_tärde_sebitde_ýadro_proýektlerini_yzarlaýarlar
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani käler nebit dollarlaryndan peýdalanyp şübheli tärde ýadro proýektlerini iş buýrygynda ýerleşdirendirler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 13, 2019 16:57 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: käler şubheli tärde sebitde ýadro proýektlerini yzarlaýarlar

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani käler nebit dollarlaryndan peýdalanyp şübheli tärde ýadro proýektlerini iş buýrygynda ýerleşdirendirler diýdi.

şu gün Ali Şamhani Urumiýe şäherinde beren gürrüňlerinde amala aşyrylýan şübheli ýadro proýektleri sebiti we hatda dünýäni tekfiri we DAEŞ toparlaryndan erbet bolan howpa we dartgynlylyga uçradyp başarjakdyr diýip nygtady.

Ali Şamhani sözüniň dowamynda bu hili wehimleriň döremegi Eýrany täze wehimler esasynda özüniň strategiýasyny düzmäge mejbur etjekdir we şu ugrda ýurdyň we ýaragly güýçleriň gerekliklerini nazara alyp amala aşyrmaga iterjekdir diýip beýan etdi.

Eýran yslam respublikasy kesekileriň we sebitiň käbir şerçi döwletleriň bütin hereketlerini yzarlap durandyr diýip Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani sözüme goşdy.