Mar 15, 2019 20:02 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Emami Kaşani: Eýran, Yrak we Siriýa ýurtlarynda Amerikany şowsuzlyga uçradandyr

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Emami kaşani hemmeleriň ykrar edişine görä Eýran Yslam respublikasy Siriýadaky we Yrakdaky Amerikanyň bütin pitnelerini şowsuzlyga uçradandyr diýdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Emami kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde duşman bar güýji bilen Eýrana garşy agyr basyşlary ýola berip durandyr diýmek bilen Eýrana garşy basyşlary we gadaganlyklary güýçden düşürmek üçin içerki mümkinçilikleri dogry dolandyrmak bilen Amerika agyr şowsuzlyga uçradylmalydyr diýip nygtady.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy üstümizdäki ýylyň 22-nji bahman gününiň ýol ýörişliklerine Eýran milletiniň giň gerimde we uly hyjuw bilen gatnaşyp döreden epikine yşarat edip Eýran milleti 22-nji bahman gününide öz gudratyny tomoşa goýup yslam ynkylabyň duşmanlarynyň pitnelerini şowsuzlyga uçradandyr diýip nygtady.

Tags