Ruhani: Eýran bütin goňşylary bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isleýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4904-ruhani_eýran_bütin_goňşylary_bilen_gatnaşyklarynyň_ösdürilmegini_isleýär
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran döwleti bütin goňşylary bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyr diýmek bilen egerde käbir goşylar bilen kynçylyklarymyz hem bolsa bu kynçylyklar olaryň tarapyndandyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 17, 2019 16:39 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran bütin goňşylary bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isleýär

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran döwleti bütin goňşylary bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyr diýmek bilen egerde käbir goşylar bilen kynçylyklarymyz hem bolsa bu kynçylyklar olaryň tarapyndandyr diýip nygtady.

prezident Hasan Ruhani şu gün Eýranyň günoartasynda ýerleşen Buşehr ilatynyň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam respublikasy goňşylary şol sanda Katar, Oman, Türkiýe, Azerbaýjan respublikasy, Türkmenistan, Owganystan we Pakistan ýurtlary bilen gowy gatnaşyklaryny saklaýandyr diýip beýan etdi.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Yraga gurnan saparyna yşarat edip Eýran bilen Yragyň gatnaşyklary sebit we halkara derejesinde taýsyzdyr diýmek bilen Yraga bolab 3 günlik saparda gol çekilen ylalaşyklar Eýran bilen Yragyň gatnaşyklarynyň diňe iki döwletiň gatnaşyklary däldigini belkide iki ýurdyň bütin toparlarynyň syýasy, sosial we mwzhebi şahsyýetleridigini belli etdi etdi diýip nygtady.