Eýranyň deputatlary Täze Zelandiýada ýüze çykan terrorçylykly hüjümi ýazgardylar
Eýranyň parlament deputatlary onlarça adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan Täze Zelandiýada ýüze çykan terrorçylykly hüjümi ýazgardylar.
Täze Zelandiýada ýüze çykan terrorçylykly hüjüm adam hukuk meselesiniň we adamzadyň ýaşaýyş hakynyň bütindünýä ezijileri üçin diňe bir abzalddygyny belli etdi diýip Eýranyň deputatlarynyň ýaňky beýannamasynda getirlendir.
Eýranyň deputatlary şeýle-de yslamyň we musulmanlaryň adyndan ýaramaz ugurlarda haýyrlanylmagyna garşy göreşilmegini nygtamak bilen terrorçylaryň garşysynda iki ýüzli standardlaryň ileri sürülmegi hem togtadylmalydyr diýip yglan etdiler.
terrorçylar geçenjuma güni Kristçurç şäheriniň iki metjidine hüjüm edip 52 adamy öldürdiler we 47 adamy hem ýaraly etdiler.