prezident Ruhani Nowruz baýramyny gutlady
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün daňdan täze şemsi ýylyň gemegi mynasybetli beren sargydynda 1397-nji ýylda Eýran milletiniň dürli ugurlada gazanan üstünliklerine yşarat edip Eýran millleti öz garşysyndaky kynçylyklary arka taşlap hökman üstünlik gazanjakdyr diýip ynam bildirdi.
prezident Ruhani Amerikanyň Eýranyň tersine ýola beren bir taraplaýyn gadaganlyklaryna yşarat edip duşan bu gadaganlyklada hemmeler şol sanda özüniň ýaranlary onuň arkasynda durar myka diýip göman edýändir emma bu bir ham hyýaldyr we sanlyja ýurtlardan başga hemme ýurtlar Eýran milletiniň ýanynda durandyrlar diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti gadaganlyklar meselesinde halkara köpçiligiň şol sanda Birleşen Milletler Guramanyň we howpsuzlyk geňeşiniň we halkara atom energiýasi agentliginiň haky Eýran milletine berendiklerini aýdyp öz ähitlerinde durmany jenaýat eden taraplar barýan ýollarynyň olaryň zyýanyna gutarjakdygyny bilmelidirler diýip nygtady.
prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň öz goňşylary bilen saklaýan gatnaşyklaryna yşarat edip ýetip gelen täze ýyl hem bütin goňşylar bilen köpräk dostluk etmegiň ýyly bolar diýip sözüne goşdy.
prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýranyň beýik milletine ýüzlenip täze ýyl köpräk işlemegiň we ysnaşygyň ýyly bolar diýip ynam bildirdi.