Zarif:Günbataryň beýan azatlygy Yslam dünýäsine hormatsyzlyk edilmegine rugsat berendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4924-zarif_günbataryň_beýan_azatlygy_yslam_dünýäsine_hormatsyzlyk_edilmegine_rugsat_berendir
beýan azatlygyndan gürrüň edýän gudratlar musulmanlaryň beýan azatlygyny basgylaýandyrlar ýa-da beýan azatlygynyň bahanasy bilen musulmanlara hormatsyzlyk edýändirler diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 21, 2019 17:59 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Günbataryň beýan azatlygy Yslam dünýäsine hormatsyzlyk edilmegine rugsat berendir

beýan azatlygyndan gürrüň edýän gudratlar musulmanlaryň beýan azatlygyny basgylaýandyrlar ýa-da beýan azatlygynyň bahanasy bilen musulmanlara hormatsyzlyk edýändirler diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif yglan etdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramanyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Türkiýäniň Stambul şäherine baran Zarif Nýu-Zilandiýada ýüze çykan terrorçylykly hereketi Günbataryň ýolbaşçylygynda yslamyň tersine ýola berilen howply hereket bilmek bilen günbatarly jogapkärler we guramalaryň käbiri bu howply hereketiň garşysynda dymyp oturmak bilen ýa-da ony goldamak bilen bu jenaýatyň şärigidirler diýip beýan etdi.

Nýu-Zilandiýanyň daşary işler ministrniň gatnaşmagy bilen geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk guramanyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary maslahatynda yslam ýurtlaryň daşary işler ministrleri  Nýu-Zilandiýada amala aşyrylan terrorçylykly hadysany ýazgarmakdan aýry bu hilli hadysalaryň gaýtalanmazlygy barada çäre görjekdirler.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramanyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary bir günlük maslahatynda soňky wagtlarda Nýu-Zilandiýada ýüze çykan terrorçylykly hüjüm barada gürrüň ediljekdir.

15-nji Martda Nýu-Zilandiýanyň Kraistçerç şäherinde 2 metjidä garşy amala aşyrylan terrorçylykly hüjümde azyndan 50 musulman şehit we azyndan 50 adam ýaralandy.