metebesi belent Ýolbaşçynyň Eýranyň demirgazygyda ýüze çykan sil babatly beren sargydy
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Eýranyň mazandaran we gülüstan welaýatlarynda ýüze çykan siliň yzy bilen ilatyň we umumy edaralaryň hadysa uçranlara kömek etmeklerini nygtadylar.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri bir sargyt boýunça Gülüstan we Mazandaran welaýatlarynda ýüze çykan siliň ýetiren zyýanlary babatly tüýs ýürekden gynanjyny beýan etmek bilen halk kömekleriniň we ýurdyň umumy edaralarynyň we meded ýetiriji merkezleriniň hadysa uçran ilata kömek etmekleri we zyýanlaryň bedelini dolmaklry zyýan gören ilatyň derdini ýeňleder diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşen huzestan welaýatynda ýüze çykan sil zerarly dörän kynçylyklara yşarat edip ýurdyň dürli welaýatlarynsa sila uçran ilata kömek etmek hemmeleriň wezipesidir diýip nygtadylar.
şol bir wagtda Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani hem gülüstan welaýatynda suwyň jişmagynyň öňüne geçmek ugurda mümkinçilikleriň taýýarlanylmagyny buýrdy.
soňky wagtlarda gülüstan we mazandaran welaýatlarynda ýagyşyň güýçli ýagmagy zerarly gülüstan we Mazandaran welaýatynyň birnäçe şaheri we onlarça obasy şol sanda kümmetş Ak gala, Siminşäher şäherleri we onlarça obasy sil hadysasyna gabat gelidiler.