Bageri: Eýranyň ýaragly güýçleri ýurdyň demirgazygynda sil hadysasyna duçar bolan ilaty goldaýar
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet Bageri Eýranyň ýaragly güýçlerine ýurdyň demirgazygynda sil hadysasyna duçar bolan ilata goldow bermeklerini buýrdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Gülüstan we Mazandaran welaýatlarynyň sil alan ýerlerine kömek edilmegi baradaky mertebesi belent ýolbaşçynyň beren permanynyň yzy bilen serleşger Muhammet Bageri bir yglannama boýunça Sepah Pasdaranyň, goşunyň, tertip-düzgün goraýjy güýçleriň we goranmak ministrliginiň serkerdelerinden şu wagta çenli amala şayran ynsanlyk, logestika we saglygy goraýyş ugurlardaky kömeklerinden aýry sebitde aramlyk kämil bolýan mahalyna çenli köpugurly jihady kömekleriň dowam etidirlmegini nygtady.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet Bageri şu esasda sazlaşyk işleri ýerine ýetirmek üçin Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygynyň oruntutary emir serleşger Ataolla Salehini bir topara ýolbaşçy adynda hadysa uçran sebitlere ýollandyr.