Eýranyň Fars welaýatynda suwyň joşmagy netijesinde azyndan 17 adam öldi
güýçli ýagyşyň ýagyp suwyň joşmagy netijesinde Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşen Fars welaýatynda azyndan 17 adam öldi we 74 adam hem ýaralandy.
Şiraz şäheriniň Kurhan derwezesi atly sebitinde ýüze çykan bu hadysada suw joşguny onlarça maşymy hem özi bilen alyp gitdi.
gowşan habarlardan belli bolşyna görä,bu hadysada gurban bolanlaryň köpüsi nowruz ýolagçylarydyrlar.Şiraz-da suwyň joşmagy netijesinde şeýle-de bu şäheriň bir näçe taryhy mekanlaryny şol sanda wekil bazaryny sil aldy.
Eýranyň günbatarynda ýerleşen Lorestan welaýatynda hem suwyň joşyp akarlaryň daşamagy netijesinde bir näçe zyýanlar ýetişip gatnaw kynçylyga uçrady.
şol bir wagtda Eýranyň demirgazygynda ýerleşen Gülüstan welaýatynyň sildan zyýan gören sebitlerinde bolýan Eýranyň içeri işler ministri Rahmani Fazli görülen çäreler bilen gaty gitse 3 güne çenli Ag-Gala şäheriniň doly suratda suwdan boşadylmagyny umyt etdi.Eýranyň howa maglumatlar guramasy ýurduň azyndan 5 welaýatynda suwyň joşmagy we silyň ýüze çykmagy barada duýduryş berdi.