Ruhani:ýurduň welaýat häkimleri we etrap jogapkärleri doly taýýarlykly ýagdaýda dursunlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4941-ruhani_ýurduň_welaýat_häkimleri_we_etrap_jogapkärleri_doly_taýýarlykly_ýagdaýda_dursunlar
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň demir gazyk sebitlerinde ýüze çykan suw joşgunyň hasabatyny özüniň birinji orunbasary Ishak Jahangiriň dilinden almakdan soňra sila uçran ilatyň kynçylyklaryny azaltmak üçin gerek bolan buýryklary berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 25, 2019 14:29 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:ýurduň welaýat häkimleri we etrap jogapkärleri doly taýýarlykly ýagdaýda dursunlar

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň demir gazyk sebitlerinde ýüze çykan suw joşgunyň hasabatyny özüniň birinji orunbasary Ishak Jahangiriň dilinden almakdan soňra sila uçran ilatyň kynçylyklaryny azaltmak üçin gerek bolan buýryklary berdi.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiriň Eýranyň Mazandaran we Gülüstan welaýatlarynyň sila uçran sebitlerinden dolanyp gelmeginden soň Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýaňky buýrygy berip Jahangiriden sil hadysasynyň ýetiren zyýanlaryny hasaba almak bilen döwletiň indiki maslahatynda hasabat bermegini talap etdi.

prezident Ruhani şeýle-de ýurduň bütin welaýat häkimlerinden nowruz tätilçiliginiň soňuna çenli özleriniň iş jaýlarynda huzurly bolmaklaryny isläp ätimallein suw joşgunyň garşysynda doly taýýarlanyp durmaklaryny talap etdi.soňky günlerde Eýranyň demir gazygynda we günortasynda ýereleşen Mazandaran,Gülüstan,Fars we Lorestan welaýatlarynda güýçli ýagyşyň ýagmagy netijesinde bu welaýatlarda bir näçe şäher we oba suwyň joşmagyndan zyýan gördiler.