Ruhani:sildan zyýan görenleriň zyýanlaryny döwlet ödär
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani soňky günlerde ýurduň dürli künjeklerinde ýüze çykan suw joşgunyň ýetiren zyýanlaryny döwlet bar kuwwaty we bütin mümkinçilikleri bilen ödär diýip yglan etdi.
prezident Hasan Ruhani şu gün Eýranyň döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde ýurduň bir näçe welaýatynda suwyň joşmagyndan gynanç bildirip bu hilli hadysalaryň öňüni almak ugurda geçen 40 ýyllykda gowy işler edilendir emma bu uguda ýenede köpräk işleri edilmelidir diýip beýan etdi.
soňky günlerde Eýranyň dürli welaýatlarynda şol sanda Mazandaran,Gülüstan,Fars we Lorestan welaýatlarynda güýçli ýagyşyň ýagyp suwyň joşmagy zerarly bir näçe şähere we onlarça oba zyýan ýetişdi.
sil hadysasynda Fars welaýatynyň merkezi Şiraz şäherinde 21 adam ölüp onlarça adam hem ýaralandy.şol bir wagtda öten agşam suw joşgunyň öňüni almakda Gülüstan welaýatynda tagalla edýän adamlary alyp barýan bir gaýygyň agmagy zerarly 17 adam ýaralanyp 5 adam ölüp ýene bir adam ýetirim boldy.
aýdylşyndan bu gaýykda 23 adam bolmaly.