Ruhani: sil hadysadynda Eýran milletiniň muhapbeti we doganlygy duşmanlaryň gözüni kör edendir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranda ýüze çykan sil hadysady baradaky duşmanlaryň negatiw wagyzlaryna yşarat edip duşmanlaryň islegleriniň tersine hudaý tagala Eýran milletiniň birleşigini we ululygyny dünýä görkezendir diýip nygtady.
prezident Hasan Ruhani Mazandaran welaýatynyň dartgynlyly müdiriýet edýän sazlaşyk geňeşiniň maslahatynda beren gürrüňlerinde sil Eýran milletiniň ejir we narahatlyk çekmegine sebäp boldy emma bu hadysada Eýran milleti ýene bir gezek birke- birege muhapbetini, doganlygyny we arkadaşlygyny görkezdi we bu mesele duşmanlaryň gözüni kör edendir diýip beýan etdi.
Ruhani sözüniň dowamynda Amerikalylar we sionistler ýüze çykan siliň Eýrandaky şaýlar we sünnileriň , türkmenler bilen parslaryň arasynda dawa we jenjele we joşup duran sile we Eýran milletiniň umyttlerini elden bermeklerine sebäp bolarmyka diýip garaşýardylar emma atan oklary daşa degdi diýip nygtap geçdi.