serleşger Bageri: sile uçran sebitleriň kemçilikleri tizlik bilen üpjün ediljekdir
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy sile uçran sebitleriň kemçilikleriniň çalt ýeriniň doldurylmagyny nygtady.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä serdar serleşger Muhammet bageri şu gün gülüstan welaýatynyň Ak Gala şäheriniň ilatynyň arasynda beren gürrüňlerinde sile uçran ilata kömek ýetirilmegi , Eýranyň ýaragly güýçleriniň başda durýan möhüm işleridir diýdi.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet bageri sözüniň dowamynda suwyň uguryny Hazar deňize tarap açmakda işjeňlik bilen gowy iş alnyp barylýar diýip beýan etdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani hem düýn gülüstan we Mazandaran welaýatlaryna sapar edip sile gabat gelen sebitleri ýakyndan gelip gördi we ertir hem Huzustan welaýatynyň sil alan sebitlerini baryp görjekdir.